Şatlyk-şowhuna beslenen çäre

Ýurduň çäginde
16.04.2024
352

Şatlyk-şowhuna beslenen çäre

Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar guramasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara «Pyragy wasp edýär gelin-gyzlary, eneler - ojagyň bahar-ýazlary» diýlip atlandyryldy. Kümüş saçly eneleriň, dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlaryň, gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda guralan dabaraly çäräniň dowamynda çykyş edenler Halkara zenanlar güni bilen bu ýere ýygnananlary tüýs ýürekden gutladylar.

Sungat ussatlarynyň çykyşlaryna çärede giň orun berildi. Zehinli çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary hem bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren kompozisiýa eserleri, etrap-şäherlerden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny hasam artdyrdy. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň aýdymçylarynyň halk aýdymlary, «Dehistan» aýdym-tans we folklor-etnografiýa toparynyň «Küştdepdi» tansy has-da göwün göteriji bolup, olar aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.