Şatlyk-şowhuna beslenen dabara

Medeniýet
03.10.2025
39

Şatlyk-şowhuna beslenen dabara

«Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň bilen dünýä dolýar şanymyz!» ady bilen Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen aýdym-sazly dabara şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Oňa Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän işgärler, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar hem-de bagtyýar körpeler gatnaşdylar. Sungat ussatlarynyň çykyşlaryna dabarada uly orun berlip, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen ägirt uly özgerişleriň, dürli ugurlarda ýetilen belent sepgitleriň tarypy ýetirildi. Ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ebedilik orun almagy, halkymyzyň asuda, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edip, gysga döwrüň içinde beýik işleri durmuşa geçiren hormatly Prezidentimize hoşallyklar aýdymçylaryň, tans toparlarynyň, teatr artistleriniň ýerine ýetiren çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Täze habarlar