Saýlawlar guramaçylykly geçirildi

Jemgyýet
29.03.2023
146

Saýlawlar guramaçylykly geçirildi

Şu ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary Balkan welaýatynda hem guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçirildi.

Welaýat boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň 272-sinde saýlawçylaryň ses bermegi üçin zerur şertler döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky taýýarlyk işlerine hem aýratyn ähmiýet berildi. Taýýarlyk işleriniň çäklerinde milli parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak, okuw maslahatlaryny guramak, saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklaryny geçirmek boýunça işler alnyp baryldy. Halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan adamlar syýasy partiýalar, raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynda saýlawçylar dalaşgärleriň guramaçylyk häsiýetleri we maksatnamalary bilen ýakyndan tanyş boldular.

Saýlawlar güni gapylaryny giňden açan saýlaw uçastoklarynda säher bilen saýlawçylar ses bermäge başladylar. Bu ýerlerde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlandy. Ses bermäge gelen ýaşuly nesliň wekilleri türkmen däplerine laýyklykda duz-çörek bilen garşylandy. Ilkinji gezek ses berýän ýaş raýatlara dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary türkmen jemgyýetinde demokratik özgertmeleri has-da ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.