Saýlawlar guramaçylykly geçirildi
Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Balkan welaýatynda hem etrap halk maslahatynyň, Geňeşleriň möhletinden öň çykyp giden agzalarynyň saýlawlary işjeň häsiýete eýe boldy. Saýlawlar güni welaýatyň Esenguly, Türkmenbaşy, Bereket, Magtymguly, Gyzylarbat etraplarynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 12-sinde saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi, raýatlaryň işjeň ýagdaýda ses bermegi üçin ähli şertler döredildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk işleriniň öz wagtynda guralmagy saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilmegini üpjün etdi. Esenguly etrap halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň 5-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa dalaşgärleriň 20-si bellige alyndy. Saýlawlar güni säher bilen aýdym-sazyň astynda mähirli garşylanan saýlawçylar mynasyp adamlar üçin öz seslerini berdiler. Ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýan ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.