Sebitiň iri toplumy

Ykdysadyýet
27.07.2026
93

Sebitiň iri toplumy

Diňe bir ýurdumyzda däl, sebitde iri toplumlaryň biri bolan «Garabogazkarbamid» zawody Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň takmynan 3,5 kilometr gündogarynda ýerleşýär. «Garabogazkarbamid» zawody önümçilik üçin zerur bolan elektrik energiýany öz elektrik energiýasyny öndürýän stansiýasynda öndürýär, şeýle-de ol zerur bolan halatynda umumy elektrik ugurlardan (geçirijilerden) hem peýdalanmak mümkinçiligine eýedir. Bulardan başga-da, desgada ulanylýan tehnologiki we agyz suwlary desganyň çäginde gurlan suw arassalaýjylar arkaly öndürilýär. Desgany sowadyş suwlary bilen üpjün etmek üçin deňziň içinde 1630 metr uzynlykda suw alýan turba geçiriji ulgamy gurnaldy. Şeýle-de deňizden alnan suwy yzyna goýbermek üçin suw arassalaýjy enjamlar bilen ornaşdyrylan 804 metr uzynlykdaky akaba we uzynlygy 804 metr, diametri 3,1 metr bolan turba geçiriji ulgamyň gurluşyk-gurnama işleri amala aşyryldy. «Garabogazkarbamid» zawody ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenip, ýyllyk kuwwaty 155 müň tonna karbamide we 600 müň tonna ammiaga deňdir. Zawodda öndürilýän önümler Garabogaz gämi duralgasynyň üsti bilen deňiz ýollary arkaly daşarky bazarlara eksporta hem ugradylýar.