Sekizburç ýyldyz
Sekizburç ýyldyz şekili irki döwürlerden bäri dürli halkymyzyň durmuşynda aýratyn orun tutýar. Ol türkmen milli medeniýetinde, sungatynda öz beýanyny tapýar. Haly we keçe, zergärçilik önümlerinde, el işlerinde sekizburç nagyşlaryna, bezeglerine giňden duşmak bolýar. Bular älem, dünýä baradaky düşünjeleri aňladýar.
Gadymy Dehistandan tapylan sekizburç ýyldyz orta asyrlara degişli bolup durýar hem-de adamlaryň şol döwürlerde dünýä, älem giňişligi barada pikir ýöredendigini subut edýär. Sekizburç ýyldyz keşbine görä, ol ýerde goýulýan nyşan hökmünde ulanylypdyr we ybadathananyň ortasynda ýerleşendigi çaklanylýar. Ýasalandan bäri ençeme asyrlaryň geçendigi sebäpli oňa wagt öz täsirini ýetiripdir. Könelişendigine garamazdan, keramikadan edilen ýyldyzyň ýokarky böleginde simmetriki çyzylan, gadymy nyşanlaryň çylşyrymlylygyny tassyklaýan çuňlaşmalaryň yzy gowy görünýär. Bu keramiki sekizburç ýyldyz Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň hataryna kabul edilip, muzeýe gezelenje gelýän her bir adamyň ünsüni özünde jemleýär.