Semeni
Halkymyz Nowruz baýramynda ýedi dürli tagam taýýarlamagy, ony bir supranyň başyna jem bolan goňşy-golamlaryna, dost-ýarlaryna hödür-kerem etmegi ir döwürlerden bäri däbe öwrüpdir Şolaryň biri-de semenidir. Nowruzda «Äşe-Patmanyň aşy» hasaplanylýan semeni tagamyny taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berlipdir. Bugdaý däneleri ýedi gezek ýuwlup, ýyly ýerde şineleýänçä saklaýarlar. Soňra ýalpak gaplara ýerleşdirilýär. Ýedi-sekiz günüň içinde bugdaý maýsalaýar. Maýsalar 10-15 santimetr bolanda, bugdaý ýenjilip şiresi alynýar. Suw, un goşup gazanda gaýnadylýar. Duz, ýag goşulmaýar. Gazanyň düýbi kesmek baglamaz ýaly dyngysyz bulanýar. Gaýnadylyp bolnansoň, semenili gazanyň gapagy ýapylyp birnäçe sagat goýulýar. Taýýar bolan semeniniň ýüzünde dürli nagyşlar peýda bolýar. Oňa Äşe-Patmanyň eliniň yzy diýip düşünýärler. Semeni bilen bagly halk arasynda birnäçe aýtgylar saklanyp galypdyr. Semeniniň tagamy,
Aýdyp bersem taryhyn.
Ýedi aşa deň bolar,
Eşitmedige geň bolar.
Semenige gelýärkäm,
Sary gawun dilýärkäm.
Muny duzsuz diýmedim,
Ýagly tagam iýmedim.