Sep haly
Ýurdumyzyň günbatar sebitinde dokmaçylyk däpleri özboluşly aýratynlyga eýedir. Bu ýerde dokalýan halylara ýerli aýratynlyga görä nagyşlar salnypdyr. Esasan-da, balykçylyk bilen bagly nagyşlar agdyklyk edipdir. Şeýle-de «Gunça göli», «Gökje göli», «Akmaýanyň göli», «Dyrnak göli» ýaly göller, «Tegbent», «Kejebe gyra», «Çopanjyk» ýaly nagyşlar salynýar we olaryň arasyndan alty hatar alaja goýberilýär. Günbatar sebitde durmuşa çykýan gyzlara sep taýýarlamak ýörgünlidir. Oňa sep haly diýilýär. Sep halyny dokamak ussat halyçylara ynanylýar. Sep halylaryň ini 2,5 metre, boýy 4,5 metre barabar bolýar. Olaryň ýerligi goýy gyzyl, nagyşlaryň reňkleri ak, sary, gara, ýaşyl, gök bolýar. Sep haly dokalyp gutarylansoň, haly dokalan ýere süýji-köke ýaly nygmatlar bilen, saçakly barylýar.