Serdesse

Taryh
16.12.2025
176

Serdesse

Ata-babalarymyz ir döwürlerde duşmanlardan ýa-da ýyrtyjy jandarlardan goranmak maksady bilen dürli ýarag esbaplaryny oýlap tapypdyrlar. Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň «Etnografiýa» bölüminde saklanylýan, üstünden 150 ýyl töweregi wagt geçen serdesse hem şeýle esbaplaryň biridir. Ol serdesse agaçdan ýasalyp, uzynlygy bir metr töweregidir. Onuň uç tarapy 35 santimetr töweregi bolup, tebigy agajyň asyl nusgasyndadyr. Galan bölegi ýonulyp timarlanan görnüşinde bolup, onuň merkezinden demir halka geçirilipdir we gerşiňden asar ýaly gaýyş esbap oturdylypdyr. Gyzylarbat etrabynyň Tutly obasynda 1957-nji ýylda doglan Baýrammyrat Garajaýew tarapyndan oba medeniýet öýüniň muzeý burçuna sowgat hökmünde berlen bu serdesse onuň atasy Gazak Burun ogluna degişli bolup, XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynda ulanylypdyr. Gazak aga gum içinde çopançylyk bilen meşgullanandygy sebäpli serdesse esbabyny gerşinden asyp, ýyrtyjy jandarlardan goranmak maksady bilen göterer eken. Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, çopan taýagy we serdesse esbaby ýerli berk agaçlaryň biri bolan yrgaý agajyndan ýasalypdyr.