Serginiň ady — «Hyjuwly ýaşlar»

Medeniýet
20.12.2025
53

Serginiň ady — «Hyjuwly ýaşlar»

Ýakynda Balkan welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren işleriniň sergisi guraldy. «Hyjuwly ýaşlar» ady bilen guralan serginiň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda ýaş nesiller we olaryň saglygyny goramak hakynda, bagtyýar şu gününi, nurana geljegini üpjün etmek ugrunda uly aladalaryň edilýändigi hakynda buýsanç bilen nygtaldy. Baş maksady çagalarda sungata bolan söýgini, höwesi artdyrmakdan, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybarat bolan sergide görkezilen işlerde bolsa ajaýyp döwrümiziň waspy, ata Watanymyza söýgi-buýsanç esasy orny eýeledi. Bu sergi Balkan welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda okaýan çagalarda uly täsirleri galdyrdy.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet