
Serwi agajy
Serwi agajy dik ösýän, piramida şekilli bolup, ol 30-40 metre çenli ösýär. Daşky sypaty inçe we uzyn, ýapragy ýok. Onuň deregine teňňe we iňňe şekilli pürleri bolýar. Olar bir ýerde topbak ýa-da garşylykly ýerleşýärler. Serwi ýalaňaç ýa-da açyk tohumly ösümliklere degişli bolup, miwesi we güli bolmaýar. Ol, esasan, tohumy bilen köpeldilýär. Baldagy esasy sütüni emele getirýär, sütüniň daşky gabygy melemtil bolup, şahalary dikligine esasy sütüne ugurdaş ösýär, şahalary sütünden gapdaly ýaýramaýar.
Bu agaç özünden efir ýaglaryny, zyýanly mikroorganizmleri ýok ediji işjeň maddalary - fitonsidleri bölüp çykarýanlygy, howany zyýanly tozan bölejiklerinden arassalaýanlygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem serwi agajynyň nahallary ýurdumyzda köpçülikleýin oturdylýar. Ol Günorta Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde gowy ösýär we gyşlaýar. Ýurdumyzyň yssy howasyna durnuklydyr. Hemişe ýaşyl öwsüp durýanlygy üçin, ol «gök öwüsýän kiparis» diýlip hem atlandyrylýar.