Şirin aýdym-gazallar, joşgunly tanslar
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän folklor toparlarymyz milli däp-dessurlarymyza, küştdepdidir gazallarymyza, tanslarymyza täze öwüşgin çaýýarlar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa topary hem bu asylly işe öz mynasyp goşandyny goşýan topar. Biz golaýda toparyň agzalarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk.
Döwletmämmet Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan artisti, «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň bagşysy:
— «Dehistan» toparymyz indi on ýyl bäri hereket edip gelýär. Onuň düýbüni tutan Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saryýa Karahanowa bolup, ol hemişe türkmen tansynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge, onuň has gadymy görnüşlerini dikeldip, olara täzeçe öwüşgin bermäge çalyşdy.
Gadymy milli «Küştdepdi» tansymyzy täze öwüşginlerdir täze gazallar bilen baýlaşdyryp, onuň asyl nusgasynyň saklanylyp galmagyny gazanmak — toparyň her bir agzasynyň esasy maksady. Şeýle-de toparymyzda, esasan, türkmen aýdym-saz äleminde öçmejek yz galdyran Nurberdi Gulowyň döreden özboluşly «çopan ýolundan» bolan milli aýdym-sazlar esasynda tanslar goýulýar. Bu ýoldan aýdylýan meşhur «Bibi», «Ogulgül», «Geňlik», «Köşgünde» diýen aýdymlar hem-de Türkmenistanyň halk artisti Altyngül Goşaýewanyň döreden «Galan ýar» diýen aýdymy bilen sazlaşykly goýlan milli tanslar has-da göwün göterijidir.
Toparyň tansçylaram, aýdymçylaram, bezegçilerem birek-biregi hormatlap, agzybirlikde zähmet çekýärler. Agzybirlikli çekilen zähmet bolsa, öz miwesini bolluk bilen eçilýär. «Dehistanyň» Hindistan, Hytaý, Özbegistan, Gazagystan, Belarus, Türkiýe ýaly döwletlerde üstünlikli çykyş etmegini, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolmagyny munuň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Aýdym-tans we folklor etnografiýa toparymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň üç gezek ýeňijisi boldy. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelerde, welaýatymyzyň çäginde gurlan täze desgalaryň açylyş dabaralarynda yzygiderli çykyş edip gelýän toparymyzyň agzalary hemişe gözlegde.
Şaperi Meredowa, «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň tansçysy:
— Toparymyz agzybirlik, yhlasly zähmet bilen üstünlik gazanýar. Hakyky sungat ynsanyň aňyna siňip, ruhuny belende göterýär. Ol ynsana iň ýakyn adam bolan enäniň mylaýym hüwdüsi ýaly kalbyňy rahatlandyrýar. Aýdymçynyň şirin aýdymynda, gazalynda, uly höwes hem-de joşgun bilen hereket edýän gyzlaryň ajaýyp tanslarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli durmuşynyň buýsançly beýany şöhlelenýär. Sazlaşykly hereketler mylaýym mukam bilen utgaşýar. Şirin aýdym-sazlar, joşgunly tanslar bendi edýär, gözellikleriň gujagyna alyp gidýär.
Hawa, ruhy galkynyş dagdan akýan durygöz çeşme mysaly. Akabasy arassa çeşmäniň birsyhly akyp durmagyny, kalplary teşnelikden gandyrmagyny üpjün etmek bolsa, medeniýet hem sungat işgärleriniň borjy. «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň agzalarynyň şol borja abraý bilen hötde gelýändikleri guwandyryjydyr.