
Şirin aýdymlar hem ajaýyp mukamlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Balkan welaýat döwlet drama teatrynda geçirilen bäsleşikde bagşylaryň we sazandalaryň 20-si öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bagşy-sazandalar türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirip, täze taryhy döwrümizde halypa-şägirtlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýändiklerini äşgär etdiler. Toý öwüşginli sahna bezeg beren çykyşlar Balkan welaýatynda milli saz sungatymyzyň ösmegine, gadymy senedimiziň baýlaşmagyna goşant goşýan zehinleriň az däldigine göz ýetirmäge hem mümkinçilik berdi. Tomaşaçylarda uly täsirleri galdyran bäsleşikde bagşylaryň arasynda Balkanabat şäheriniň medeniýet merkeziniň bagşysy Serdar Režim, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Dawudow, sazandalaryň arasynda welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güljemal Ataýewa, harby bölümiň dirižýory Gaýgysyz Geldimämmedow ýeňiji diýlip yglan edildiler we olar bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Ýeňijilere hem-de bäsleşikde çykyş eden bagşy-sazandalara gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.