Şirin owazly aýdymlar

Medeniýet
07.07.2026
66

Şirin owazly aýdymlar

Medeniýet hepdeliginiň üçünji gününiň giň gerimli çäreleri halkymyzyň medeniýetiniň we sungatynyň köpöwüşginlidigini beýan edýän wakalara baýdygyny görkezdi. Welaýat merkezindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde tomaşaçylara türkmen medeniýetiniň, sungatynyň giň döredijilik ugurlary ussatlyk bilen açylyp görkezildi. Çykyşlaryň täsirli, ýatda galyjy pursatlara beslenmegi dabaranyň döwrüň ruhuna laýyk derejede guralandygyny tassyklady. Konsert gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli medeniýetimiziň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň, täze mazmun bilen baýlaşýandygynyň kepili bolup dabaralandy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzyň bu sebitleriniň özboluşly aýratynlyklary beýanyny tapdy.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde