Şirin owazly eýjejik gyz

Çäreler
07.05.2026
104

Şirin owazly eýjejik gyz

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem geljegine uly umyt bildirilýän ýaş zehinler köp bolup, Gyzylarbat etrabyndaky maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Merýem Durdyýewa hem şolaryň biridir. Aýdym-saza bolan höwesi, söýgüsi Merýeme uly üstünlik, şowlulyk getirýär. Aýdymçy gyzjagazyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz-2026» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyrynda ikinji, welaýat tapgyrynda birinji, döwlet tapgyrynda bolsa üçünji orny eýelemegi ony täze üstünliklere ruhlandyrdy. Merýem okuwdan boş wagtlary etrabyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnap, ol ýerde ejesi Aýjahan Durdyýewadan ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini hem öwrenýär. Aýdym aýtmakda bolsa oňa synp ýolbaşçysy Gulaýym Hajyýewa goldaw berýär. Şirin owazly aýdymçy gyza sungat ýolunda geljekde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Täze habarlar