Sirk artistleriniň gyzykly çykyşlary

Ýurduň çäginde
03.10.2023
380

Sirk artistleriniň gyzykly çykyşlary

Dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň yzygiderli giňeldilmegi üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde dost-doganlygyň köprüsi hasaplanylýan halkara medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniň çykyşlarynyň mysalynda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, sirk sungatynyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak ruhy lezzet paýlaýan sirk artistleriniň köpöwüşginli çykyşlary welaýatymyzda hem gyzgyn garşylandy. Welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda ýaýbaňlandyrylýan şowhunly çykyşlar tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Russiýanyň at gazanan artisti Baýram Ataýewiň aýylar bilen görkezýän oýunlarynyň diňe bir bagtyýar çagalarda däl, eýsem, dürli ýaşdaky tomaşaçylarda hem uly täsirleri galdyrandygyny bellemek gerek. Ussat sirk artisti Alýona Swetkowa bolsa özüniň gimnastika boýunça görkezen täsin oýunlary bilen sirk muşdaklarynyň şowhunly el çarpyşmalaryny gazanmagy başardy. Akrobatlaryň, ýolbarslardyr gaplaňlar bilen täsin oýunlary görkezýän artistleriň çykyşlarynyň dowamynda hem binany dolduryp oturan tomaşaçylaryň ýürekden hoşallygynyň özboluşly beýany bolan şowhunly el çarpyşmalar yzygiderli ýaňlandy.

Sirk sungatynyň muşdaklaryny bir ýere jemlän täsirli çykyşlaryň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň tomaşaçylary haýran galdyran çykyşlarynyň mynasyp orun eýelemegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.