Şirmaýy darak
Türkmen durmuşynda zenanlaryň saç daraýan daraklaryna aýratyn ähmiýet berlipdir. Olara “başdarak, şana” hem diýilýär. Irki döwürlerde işine ezber ussalar dürli agaçlardan daraklary ýasapdyrlar. Käbir maşgalalarda kümüşden, misden ýasalan daraklar hem peýdalanylypdyr. Olary zenanlar elbukjalarynda aýawly saklapdyrlar. Pil süňkünden ýasalan önümlere şirmaýy diýilýär. Pil süňkünden başdarak, pyçagyň sapy ýaly hojalykda ulanylýan gurallar ýasalypdyr. Gymmat bahaly hem arzyly bolan şirmaýy daraklar hem pil süňkünden ýasalyp, Hytaý, Hindistan ýaly ýurtlardan getirilipdir. Olar gurply maşgalalarda ulanylypdyr. Şeýle daraklar saçlara timar bermekde amatlylygy, berkligi bilen tapawutlanypdyr. Nusgawy şahyrlarymyz şirmaýy daraklaryň üsti ilen zenan saçlaryny çeper beýan edipdirler. Mollanepesiň «Şirmaýy darak» atly goşgusyndaky: Zülpüňi örüp her ýan Şirmaýy darakyňdan — diýen setirler munuň subutnamasydyr.