Sokular - geçmişden galan gymmatlygymyz
Ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmegi başaran ata-babalarymyz ondan un almak üçin dürli zähmet gurallaryny, esbaplary, şol sanda daşy oýup sokyny, onuň içine salnan zatlary owratmak, döwmek üçin ujy tommaýly süýri daşy - sokudaşyny oýlap tapypdyrlar. Hünärmentçiligiň kämilleşmegi bilen soň-soňlar agaçdan, demirden gurallar hem döräpdir.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň “Etnografiýa” bölüminde sokularyň birnäçe görnüşleri ýerleşdirilendir. Şolardan XVIII asyrda ulanylan daşdan soky we XX asyryň başlaryna ulanylan agaçdan soky muzeýe gelýänlerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Bugdaýy döwmek üçin ilkinji oýlanyp tapylan hasap edilýän bu gurallary ata-babalarymyz gündelik durmuşlarynda giňden ulanypdyrlar.