Soky we sokudaş

Medeniýet
06.06.2023
452

Soky we sokudaş

Türkmen halkynyň gadymda ulanan hojalyk gurallarynyň biri-de soky we sokudaşdyr. Türkmen durmuşynda bu esbabyň hyzmaty uly bolupdyr. Ol el degirmeni ulanylyp başlanmazdan ozal, bugdaý we beýleki däneli önümleri üwemekde, arassalamakda, ýençgilemekde peýdalanylypdyr. Soky berk dag daşlaryndan hem-de agaçlardan çuň köwlüp ýasalýar. Tut, igde ýaly agaçlardan ýasalan sokular berk bolupdyr. Soňra içi köwlen daşyň ýa-da agajyň içine guýlan däne önümlerini ýençgilemek, üstünden urmak üçin timarlanyp inçeldilen berk agaçdan el bilen tutar ýaly ýörite gural taýýarlanypdyr. Oňa sokudaş diýlip at berlipdir. Ortaça sokynyň beýikligi 70-80 santimetr, diametri 30-40 santimetr bolupdyr. El degirmenleriniň ýüze çykmagy bilen sokularyň ähmiýeti peselipdir.

Gadymyýetden habar berýän hojalyk gurallary muzeýlerimizde saklanýar. Olarda ýaş nesiller häzirki günlerimize gelip ýeten, taryhymyzy açyp görkezýän, halkymyzyň geçmişinden, ýaşaýyş-durmuşyndan habar berýän esbaplar bilen tanyş bolýarlar.

Täze habarlar