Sonarly meýdanyň gelşigi
Pederlerimiz maldarçylyk bilen meşgullanmak bilen, howa şertlerine laýyklykda mal bakmagyň gadymy tejribelerini bize miras goýupdyrlar. Bu ugurda ençeme adalgalaryň bardygy munuň subutnamasydyr. Dowar, sygyr we düýe sürüleri Garagum çölüniň sähralyklarynda bakylypdyr. Sygyr çopanyna «padyman» diýilse, düýe çopany «sarwan», ýylky bakýan «ýylkyban» diýlip atlandyrylypdyr. Agym bolsa öri meýdanyna sürlen süriniň otlap, kä tegelenip, kä öwrülip edýän dönümi, öwrümi. Çopan taýagy barada aýdylanda, oňa «Pygamber taýagy», «Bereket taýagy» diýlipdir. «Gelniň aýagy, çopanyň taýagy», «Çopanyň aýagy ýetmedik ýere taýagy ýeter» ýaly nakyllaryň döremegi ýöne ýerden däldir. Çopan taýagy nesilden-nesle geçipdir. Ol 90-100 santimetr uzynlykda söwütden, sözenden, ýylgaýdan edilipdir. Ilmek, gergenek, gaňrak bolsa, esasan, sürüden dowar tutmaga niýetlenip, ujy egri çopan taýagydyr. Çopançylyk käri arzyly kär hasaplanypdyr. Şunuň bilen baglylykda, dürli adalgalar döräpdir. Türkmen milli göreşinde salynýan badagyň bir görnüşine «çopanbadak» diýilýär. Çopançökeren, çopantelpek otlaryň görnüşleridir. Çopansöýer - goýnuň kyrkgarny, goýnuň kiçi garny.