“Soňky jaň” dabarasy

Ýurduň çäginde
31.05.2024
179

“Soňky jaň” dabarasy

Ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň maý aýynyň 25-ne “Soňky jaň” dabarasy uly şatlyk - şowhuna beslenýär. Ol günde diňe bir “Soňky jaň” dabarasy däl eýsem, Aşgabat şäheriniň güni hem giňden bellenilip geçilýär.

Mekdebi tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýan uçurumlar üçin has-da dabaraly hem-de tolgundyryjy gün. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilim aldylar. Olaryň hatarynda sport bäsleşiklerinde we dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bolanlar, döredijilik bäsleşiklerine, çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine gatnaşyp, öz mekdepleriniň abraýyny goran okuwçylar hem bar.

Uçurymlaryň köpüsi geljekki hünärini kesgitlemegi başardylar. Olaryň öňünde giň ýollar açyldy, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etmäge bolan ägirt uly mümkinçilikler döredildi.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde