
«Soňky jaňyň» sesi — bagtyýarlyk mukamy
Ýaş nesilleriň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri bolan hem-de Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşyp gelen «Soňky jaň» dabaralary Balkan welaýatynyň orta mekdeplerinde-de uly ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda guralan çäre dabaralaryň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Bagtyýar uçurymlar ýurduň berkararlygynyň baş nyşany bolan Döwlet baýdagymyza baharyň ter gül desselerini goýdular.
Soňra dabaralar welaýat merkezindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji hem-de iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdeplerde «Ýurdumyz berkarar, gadamymyz batly - Arkadag Serdarly ýaşlarymyz bagtly!» diýen şygar astynda dowam etdi.
Gutlag çykyşlarynda ýurduň röwşen geljegini, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmekde, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň edildi. Ak mekdepleri tamamlap, uly durmuşyň bagt ýoluna gadam basýan uçurymlara ýagşy arzuwlar, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gutlaglar aýdyldy.
Uçurymlar çykyşlarynda okamaga, öwrenmäge, hünär edinmäge, işlemäge döredilýän şert-mümkinçilikler barada aýdyp, özleri barada edilýän aladalara mynasyp jogap bermek üçin geljekde hem yhlaslaryny aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.
Şu ýyl welaýatdaky orta mekdepleriň 165-sini bagtyýar ýaşlaryň 7 müňden gowragy üstünlikli tamamlaýar. Olaryň 12-si tamamlanan okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» diýen at bilen döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşikleriniň ýeňijileri boldular. Bu bäsleşigiň çäklerinde guralan taslama-döredijilik bäsleşiginde orunlaryň ikisini eýelediler. Dabaralarda okuwda, jemgyýetçilik işlerinde deň-duşlaryna görelde bolan uçurymlaryň birnäçesine jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy.
Mekdep okuwçylarynyň, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda bagtyýar ýaşlyk, ajaýyp döwrümiz, beýik tutumlar, ak mermere beslenen Aşgabadyň gözelligi taryplandy.
Welaýat kitaphanasynyň öňünde guralan aýdym-sazly medeni çärede has tapawutlanan uçurymlara hormatly Prezidentimiziň gymmatbahaly sowgatlary şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy. Uçurymlaryň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji «Soňky jaň» dabarasynyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi.