Ýurduň çäginde
22.03.2022
419
“Sowgat berlen ýaşaýyş jaýlary”
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryň nobatdaky tapgyry ulanylşa berildi. Täze gurlan jaýlaryň birnäçesi köp çagaly maşgalalara paýlanyp berildi. Şolaryň içinde Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy 8 çagaly Baýramgül Beginýazowanyň maşgalasy hem “Türkmennebit” DK-niň “Nebitgazçykaryş” trestiniň býurmasy esasynda gurlan 4 otagly jaýyň eýeleri boldular. Döwrebap gurlan täze jaýlar özleriniň giňligi we amatlylygy bilen tapawutlanyp, “Ene mähri” adyna eýe bolan B.Beginýazowanyň maşgalasyna uly şatlyk getirdi.