Söwüt

Syýahatçylyk
04.10.2024
586

Söwüt

Söwüt köpýyllyk agaç bolup, onuň insiz süýri çal ýapragy bar. Söwüde başgaça “tal” hem diýilýär. Agajy işläp bejermekde söwüt giňden ulanylypdyr. Onuň çeýe şahalary bolansoň, çöl ýerlerinde süýşýän çägeleri berkitmekde, örme sebetleri, ak öýüň esbaplaryny ýasamakda peýdalanylýar. Irki döwürlerde söwütden okaralar, çemçeler, kersenler ýasalypdyr. Onuň ýasy, çylgam-çylgam gabygy bolsa deri eýlemekde ulanylýar. Söwüt salkyn saýaly agaçdyr. “Toraňňy saýasy şypa getirer, söwüt saýasy – sapa” diýilmegi söwüdiň yssy howadan goramakda ähmiýetiniň uludygyny aňladýar. “Damja suwdan tal çykar” diýilmegi bolsa onuň çybygynyň sähelçe yzgara ösüp bilýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde