Söwüt agajy

Ýurduň çäginde
10.08.2026
142

Söwüt agajy

Söwüt agajy ähli döwürde-de peýdaly agaç hasaplanypdyr. Ony ösdürip ýetişdirmek ullakan zähmeti talap etmeýär. Eýýäm fewral aýynyň ahyrlarynda söwüdiň täze kesilen çybyklaryny ýaplaryň boýlaryna, yzgar ýerlere ýarym metr çuňlukda gömüp bilseň bolany. Ol basym pyntyklap, ýere kök urup, şol ýylyň güýzüne çenli 3 — 5 metr töweregi boý alyp bilýär. Söwüt agajynyň çybyklary iki ýylda 6 — 8 metr ösýär. Pil, kätmen, çarşak, çalgy, orak ýaly zähmet gurallarynyň ählisiniň saplary söwüt agajyndan ýasalýar. Eşegiň, atyň, düýäniň üstünde gurlup ýük daşalýan örän berk sebetler, atdyr eşegiň eýer-gaňňalary, düýäniň hataby ýaly zatlar hem söwütden ýasalypdyr. Ir döwürlerde söwüt agajy halk lukmançylygynda hem giňden ulanylypdyr. Mergi keselinden goraýar diýen ynanç bilen, ony tamlaryň töweregine, şemalyň öwüsýän tarapyna ekipdirler. Söwüdiň inçe şahasyny, otda köýdürip, gara galam, ýanan külkesinden bolsa syýa ýasapdyrlar. Ýakylan söwüdiň külüni ýüpegi agardyjy aşgar hökmünde hem peýdalanypdyrlar.

Täze habarlar