Medeniýet
28.06.2024
650
Söz ussadyna sarpa
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Ir säher bilen bu ýere ýygnananlar şahyryň ýadygärligine ter gül desselerini goýmak bilen, onuň hatyrasyny tutdular. Ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösüşi, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, oňa goýulýan sarpa barada gürrüň etdiler. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen hem-de häzirki zaman aýdymlar, tanslar çärä gatnaşanlara ruhy lezzet berdi.