Ýurduň çäginde
13.05.2025
973
Sözen
Türkmen tebigatynyň gözelligini görmäge göz gerek. Ähli pasyllarda hem ol özboluşly gözellige eýe bolup, munuň şeýle bolmagynda dürli ösümlikleriň uly orny bardyr. Tebigatymyzyň agramly bölegini tutýan Garagum sährasynda-da şeýle ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi ösýär. Sözen hem şeýle ösümlikleriň biri bolup, onuň kümüş çaýylan ýaly ýapraklary, melewşe reňkli gülleri bolýar. Bu owadan agajyň kökleri çuňluga 2-3 metre, töwerekleýin 15 metre çenli ýaýylyp ösýär. Ol köplenç süýşýän çägeleriň üstünde bitýär. Ata-babalarymyz bu agajy guýy gazanlarynda, onuň gyralaryny hem berkitmekde giňden peýdalanypdyrlar.