Sport baýramçylygynyň ýakymly täsirleri

Sport
17.04.2024
350

Sport baýramçylygynyň ýakymly täsirleri

Bahar paslynyň ruhubelentlik paýlaýan ajaýyp günlerinde Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş turuwbaşdan sport janköýerleriniň kalbyny ýatdan çykmajak täsirlere besleýär. Ilkinji oýunlar ýaryşyň dartgynly we şol bir wagtyň özünde-de gyzykly pursatlara baý boljakdygyny görkezýär.

10 döwletden toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara ýaryşda Türkmenistana ýurduň sekiz gezek çempiony “Galkan” topary wekilçilik edýär. Bu ýaryş türkmen hokkeýçileri üçin ussatlygy, tejribäni artdyrmagyň özboluşly mekdebi bolar. Sebäbi ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda hokkeý hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Şonuň üçinem türkmenistanly sport söýüjiler öz janköýerlik edýän toparynyň üstünlikli çykyş etjekdigine ynanýarlar.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýä derejeli sport ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak arkaly dostlugy dabaralandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, Olimpiýa hereketini wagyz etmek döwlet syýasatynyň üns berilýän esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Bahar pasly - tebigatyň täzeden janlanýan, ynsanlaryň bolsa ruhunyň has-da belende göterilýän döwri. Şonuň üçinem bedenterbiýäni we sporty söýýän türkmen halky aprel aýyny tutuşlygyna medeni-sport çärelerine besleýär. Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň şeýle ajaýyp döwre gabat gelmegi bolsa özboluşly sport baýramçylygyny döredýär. Onuň ýakymly täsirleri göwünleri galkyndyrýar.

Türkmenistan - sport ýurdy. Her bir şäherde, şäherçede we obada hereket edýän döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport desgalary ussat türgenleri, geljekki çempionlardyr rekordsmenleri ýetişdirmegiň hakyky ojagy bolup hyzmat edýär. Olarda alnyp barylýan giň gerimli işler ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerine, türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegine gönükdirilýär. Bu bolsa türkmen sportunda täze belentlikleri kepillendirýär.

Täze habarlar