Sport sagdynlgyň we dost doganlygyň gözbaşy

Sport
16.04.2024
328

Sport sagdynlgyň we dost doganlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda Aşgabat şäherindäki “sportuň gyşky oýunlary” - sport toplumynda halakara derejesinde hokkeý ýaryşyna badalga berildi. Bu buýsandyryjy bäsleşige dünýäniň birnäçe döwletlerinden toparlaryň gatnaşmagy häzirki wagtda sporta berilýän ünsüň has-da ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu bäsleşik bir sporty ösdürmek däl, eýsem ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmakdan we dost-doganlygy berkitmekden ybaratdyr. Bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan hokkeý toparlaryň gatnaşmagy sportuň bu görnüşiniň ýokary depginde ösdürilýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Birnäçe günläp dowam etjek bu sport baýramçylygy paýtagtymyzyň hem-de onuň myhmanlaryna uly sport şatlygyny we lezzetini paýlar. Bu sport ýaryşlaryna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dünýäniň köp sport muşdaklary tomaşa edip, ýatdan çykmajak täsirleri alyp biljekdigi hem begendiriji wakadyr.