Sport sagdynlygyň girewidir.

Sport
20.04.2024
495

Sport sagdynlygyň girewidir.

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini has-da giň gerim bilen jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak barada hem dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Geçirilýän işleriň çäklerinde ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen sport toplumlarynda birnäçe halkara sport ýaryşlarynyň, olimpiýada oýunlarynyň geçirilmegi halklaryň arasyndaky dostluk-doganlygy berkitmek bilen türkmen halkynyň at-abraýyny has-da belende göterdi. Şu günler bolsa 10 müň tomaşaça niýetlenen Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi Watanymyzyň halkara sport abraýyny has-da belende göterdi.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň garamagyndaky sport mekdebinde hem ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin giň şertler döredilen. Bu ýerde ussat tälimçiler tutanýerli iş alyp baryp, ýurdumyz boýunça geçirilýän ýaryşlara, halkara bäsleşiklerine gatnaşyp guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Sport mekdebinde sportyň 9 görnüşi boýunça türgenleşik geçirilýär.

Sport mekdebiniň milli göreş boýunça tälimçisi Öwezgeldi Berdiýew şu ýylyň aprel aýynda gözel paýtagtymyzda “türkmen milli göreşi” we “Alyş göreşi” boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 2-nji orna hem-de milli göreş boýunça 1-nji orna mynasyp bolup, halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýle hem sport mekdebiniň türgenleri Türkmenbaşy şäherinde geçirilen açyk erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Urgylyç Annagylyjow 36 kilogram agramda, Garýagdy Akmämmedow 32 kilogram agramda 1-nji orna, Süleýman Nazargylyjow 38 kilogram agramda 2-nji orunlara mynasyp boldular. Ondan başga-da, Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde Dawut Nazarow 1-nji orun, Begenç Şyhmuhammedow, Orazguly Aýdogdyýew 2-nji orna, “Alyş göreşi” boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Rahym Nedirhanow, Selim Annanazarow 1-nji orunlary eýelemegi başardylar.

Täze habarlar