Sport sagdynlygyň girewidir
Ýurdumyzyň welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerimizde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen doly abzallaşdyrylan döwrebap sport desgalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň köp sanlysy gurulyp ulanylmaga berildi. Öňden hereket edip gelýän şeýle desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri amala aşyryldy. Türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagy we dünýäniň sport giňişliginde watanmyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin häzirki wagtda ähli şertler döredilýär.
Muňa mysal edip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesinde, Türkmenbaşy etrap häkimliginiň bejeriş, gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmasy esasynda “Keletdag” hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan 1500 orunlyk sport desgasy, gurulyp ulanylmaga berilendigini bellemek bolar. Häzirki wagtda bu desgada ýaşlarymyz sportyň “milli goreş”, “el pökgüsi”, futbol, “tenis”, “düzdüm” ugurlar boýunça türgenleşikleri geçýärler, türgenleşik zallarynda bolsa saglyklaryny berkidýärler.
Şu ýylyň dowamynda sport desgada türgenleşik geçýän ýaşlarymyz, welaýat, döwlet we halkara derejesinde geçirilen ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly ýerlere mynasyp boldular. Häzirki wagtda bu sport desgada sportyň “milli goreş”, “el pökgüsi”, futbol, “tenis”, “düzdüm” ugurlary boýunça ýörite tejribeli tälimçi mugallymlar zähmet çekip, ýurdumyzy dünýä arenasyna çykarmakda sportuň inçe tilsimlerini ýaşlarymyza öwredýärler.