Sübselik
Meýdanlary daglyk, çägelik, çägeli çöllük, şorluk bolup durýan Hazar döwlet tebigy goraghanasy özüniň özboluşly täsin landşafty we ösümlik dünýäsiniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň çäklerinde damarly ösümlikleriň 500-e golaý görnüşi ösüp, agramly bölegi goraghananyň Esenguly meýdançasynda duş gelýär we olar şorluga uýgunlaşan ösümliklerdir. Olardan ýylgyn, hoýwa, gamyş, gyldyrgan, şoratan, şora, borjak, patlak, syza, çaýyr, sübselik ýaly ösümlikleri görkezmek bolar. Meýdanlarda duş gelýän ösümlikleriň köpüsi ýabany we öý haýwanlary üçin ot-iým bolup hyzmat edýär. Şolaryň biri bolan sübseligiň Türkmenistanda dört görnüşi duş gelýär. Onuň iki görnüşi goraghananyň Esenguly meýdançasynyň ýerlerinde gabat gelýär. Boýy 10-40, hat-da 50 santimetre ýetýän bu birýyllyk ösümlik aprel-iýun aýlary gülläp, soňra miweleýär we güýze çenli ösüp boý alýar. Ol güýzüň ahyrynda ýyglyp, heniz guramanka örülýär-de, ondan sübse taýýarlanylýar hem-de kölege ýerde asylyp guradylýar. Ýurdumyzda sübselikden taýýarlanylan çöp süpürgijini bilmeýän az bolsa gerek. Sübselik ýeňil, çeýe we berk bolýar, ol ylaýta-da hojalyk işinde, mal-gara saklanýan ýerlerde köp ulanylýar.