Sungat baýramçylygynyň özboluşly jemlenmesi
Balkan welaýatynda birnäçe günläp ýokary ruhubelenlikde dowam eden Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylyk çäreleri bilen utgaşdy. Bu şanly senä gabatlanyp geçirilýän sungat baýramçylygynyň myhmanlary Balkanabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň nurana ýadygärligine gül goýup, beýik söz ussadynyň döredijiligine belent sarpa hökmünde tagzym etdiler. Dabaralar soňra «Türkmeniň ak öýi» binasynda dowam etdi. Binanyň ajaýyp sahnasynda ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi Medeniýet hepdeliginiň köpöwüşginli, baý many-mazmunly çäreleriniň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, milli tanslar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine, bedew batly okgunly ösüşine, bagtyýar durmuşymyza buýsanjyň beýany bolup ýaňlandy. Dabarada Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.