Sungat ussatlary bilen duşuşyk

Jemgyýet
09.07.2026
73

Sungat ussatlary bilen duşuşyk

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşydaky medeni-sport toplumynda geçirilen welaýatymyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Bagtyýar nesilleriň owazy» atly aýdym-sazly çykyşlary hem-de halypa sungat ussatlarynyň ýaş nesiller bilen döredijilik duşuşygy Medeniýet hepdeliginiň täsirli çäreleriniň biri boldy. Onda zehinli çagalar ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, täze taryhy eýýamymyzy, sporty wasp edýän aýdymlary aýtdylar, joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler. Soňra medeniýet ulgamynda baý tejribe toplan sungat ussatlary bilen sungat älemine aralaşýan ýaş zehinleriň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda milli ýörelgelerimiziň, aýdym-saz sungatymyzyň nesilden-nesle geçip, şu günlere gelip ýetmeginde halypa-şägirtlik ýolunyň uly orun eýeleýändigi, bu ýoluň häzirki ajaýyp zamanamyzda üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsançly bellenildi. Ýaş zehinleriň halypa sungat ussatlary bilen söhbetdeşlikleri, sorag-jogap alyşmalary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

 

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde