Sünnäligiň naýbaşy nusgasy
Türkmeniň milli zergärçilik sungatynyň taryhyny yzarlamak we öwrenmek halkymyzyň durmuş-ykdysady, medeni ösüşine düşünmek hem-de onuň häzirki we gadymy dürli halklar, halkyýetler bilen eden etnogenetik aragatnaşyklaryny ýüze çykarmak üçin gymmatly maglumatlar berýär. Milli şaý-seplerimiz, esasan, kümüşden hem-de altyndan ýasalypdyr. Ol önümler ynsan saglygy üçin peýdaly hasaplanypdyr. Taryhy maglumatlara görä, dünýäde ilkinji zergärçilik ussahanalarynyň biri häzirki günbatar Türkmenistanyň çäginde döräpdir.
Ýurdumyzyň günbatar sebitleriniň gelin-gyzlarynyň ulanýan şaý-sepleriniň birnäçe özboluşly aýratynlyklary bar. Bu künjekde gelin-gyzlaryň dakynýan saşlyk, açarbag, gülýaka, gulakhalka, bilezik, ýüzük, gupba ýaly şaý-sepleriniň gaşlary köplenç gök, ýaşyl, gyzyl, goňur reňklerde bolýar. Günbatarly zenanlaryň dakynýan gulakhalkalary hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Balkanly zenanlaryň gulakhalkasy (ysyrgasy)-gabaraly kümüş bölegi bolup, üçburçluk şekilindedir. Gulakhalka altyn çaýylan çylşyrymly nagyşlar bilen bezelýär. Onuň ortasynda köplenç gyzyl reňkli owadan gaş oturdylýar. Üçburçlugyň aşak etegi pişme görnüşli bolup, oňa kümüş şaýjagazly zynjyrjyklar asylýar.
Kenarýaka türkmen zenanlarynyň dakynan halkalarynyň ölçegi uly göwrümli bolup, hatda 10 santimetrden hem geçipdir. Uly ölçegli gulakhalkalar “tomarçakly halka” diýip atlandyrylýar. “Aý halkalaryň” ölçegi bolsa olardan kiçiräk bolup, içinde ýarymaýyň we ýyldyzlaryň şekili şekillendirilýär.
Häzirki zaman türkmen zergärleri ajaýyp bezeg önümlerini ussatlyk bilen ýasap, zergärçilik sungadynyň has-da kämilleşmegine we onuň dünýä nusgalyk derejede ösdürülmegine öz goşandyny goşmagy dowam etdirýärler.