Suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy

Ykdysadyýet
10.04.2025
60

Suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy

Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy täze desga dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Ony Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýedi ýer» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bina etdiler.

Desganyň umumy tutýan meýdany 4,5 gektardan ybarat bolup, onuň açylyş dabarasynda Balkan welaýat häkimliginiň, suw üpjünçilik ulgamynyň, «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň wekilleri, desgany bina etmäge gatnaşan gurluşykçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri çykyş etdiler. Täze desganyň açylmagy bilen ýygnananlary tüýs ýürekden gutladylar. Bu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan buýsançly ösüşleriň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy ýetirildi. Desganyň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara  hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy.

Soňra dabara gatnaşanlar ýaşulularyň ak patasy bilen açylan täze desganyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Onuň bölümlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Germaniýa, Awstriýa, Italiýa, Wengriýa ýaly döwletlerden getirilen kämil enjamlar oturdylypdyr. Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasyndan gözbaş alýar. Açyk görnüşli suw howdanynda  tebigy usulda durlanan suw  göteriji bekediň üsti bilen suw arassalaýjy desga gelýär. Süzgüçlerden geçen we zyýansyzlandyrylan arassa agyz suwy howuzlarda jemlenip, beketlere iberilýär. Soňra ol iki ugur boýunça paýlaýjy-suw geçiriji ulgama akdyrylýar. Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etjek desgada taýýarlanýan agyz suwuny geljekde birnäçe obanyň ýaşaýjylaryna hem ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde