Suw üpjünçiligi ugrunda

Ykdysadyýet
17.06.2026
154

Suw üpjünçiligi ugrunda

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky suw üpjünçilik müdirligi Ýasga kölüniň töwereklerinde 50-ä golaý topbak guýudan we Hazar deňzinden kuwwatly sorujylar arkaly alynýan suwuň möçberini durnukly artdyrýar. Müdirlik boýunça şu ýylyň başyndan bäri 1 million 292 müň kub metrden gowrak agyz suwy we tehniki önümçilik suwy çykaryldy. Şeýlelikde, önümçiligiň ösüş depgini 102 göterim ýokarlandy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 16 müň 350 kub metr suwuň sarp edijilere artyk ugradylandygyna şaýatlyk edýär.