Suw üpjünçilik ýokarlanýar.

Ykdysadyýet
24.04.2024
224

Suw üpjünçilik ýokarlanýar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde ilatyň agyz suw bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we ätiýaçlyk suw gorlaryny netijeli peýdalanyp halka ýetirmek döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

“Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň Bereket suw ýygnap paýlaýjy desga gullugynyň işgärleri hem tutanýerli zähmet çekmek bilen ilatyň agyr suwy bilen üpjünçiligini döwrebap, bökdençsiz ýola goýmakda we suwuň hil derejesiniň talabalaýyklygyny gazanmakda guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar.

Bereket etrabynyň çägindäki Garagum derýasynyň boýunda gurnalan kuwwatlylygy bir million kub metr bolan 2 sany suw howdanyndan gelýän suwlar desga gullugyny suw gorlary bilen yzygiderli üpjün edip durýar. Bereket suw ýygnap paýlaýjy desga gullugynda başlangyç kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 20 müň metr kub bolan suw arassalaýjy desga arkaly taýýarlanan agyz suwlar barlaghananyň netijenamasy esasynda suw geçirijiler arkaly Balkanabat şäheriniň, Bereket etrabynyň ýaşaýjylaryna, oba ilatyna ýetirilýär.

Desga gullugynyň önümçilik barlaghanasynda agyz suwunyň arassalygy, hili yzygiderli barlanyp durulýar we barlaghananyň netijenamasy esasynda arassalygy bilen ilata ýetirilýär. Kärhanada gazanylýan üstünlikler bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegine getirýär.