Suw ýylany

Ýurduň çäginde
12.07.2025
365

Suw ýylany

Adamlar üçin howply bolmadyk suw ýylanlary Hazar deňziniň kenarýakasynyň hem-de adalaryň ýalpak suwlarynda ýaşaýarlar. Suwda ýaşamaga uýgunlaşan ýylanlar köpelmek we tutan awuny iýmek üçin kenara çykýarlar. Olaryň bedeni ownuk teňňejikler bilen örtülip, gursagy gyzylymtyl-sary öwüşgin atýar. Arkasy çal, gapdal tarapynda uzyn zolak bolýar. Uzynlygy 130 santimetre ýetýär, kähalatda ondan hem geçýär. Ýylanlar ýylylygy halaýarlar. Şeýle bolansoň, olar howa maýlanda oýanyp başlaýarlar. Tomus aýlary olara Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda we onuň daşynda köp duş gelmek bolýar. Howp abananda, suw ýylanlary çalasynlyk bilen suwa çümýärler, uzak wagtlap suwuň düýbünde saklanyp bilýärler. Ýaz aýlary kenara çykyp, güneşläp ýatýarlar, howa gyzanda, daşlaryň, guran suwotularyň we gyrymsy agaçlaryň arasynda bukulýarlar. Säher bilen we öýleden soň salkyn düşende, ýene suwa girip, balyk awlamagyň ugruna çykýarlar. Suw ýylanlarynyň duşmany köp bolýar. Ýyrtyjy guşlar we beýleki ýyrtyjy haýwanlar olary awlaýarlar. Ýylanlaryň bu görnüşiniň esasy iýmiti suwuň düýbünde ýüzýän müňňürt balyklarydyr. Olar müňňürtleriň kellesinden tutup bogýarlar-da, kenara getirip bitinligine ýuwudýarlar. Güýzde daşlaryň, otlaryň arasyna giren ýylanlar süýkenip, daşky gowlaryny çalyşmak bilen, gyşa taýýarlyk görýärler. Gyşyna hinlerine girip, uka gidýärler.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet