Suwkädi

Jemgyýet
26.01.2026
52

Suwkädi

Türkmen bakjasynda kädilere aýratyn orun degişlidir. Kädiniň ençeme görnüşi bolup, olaryň biri-de suwkädidir. Olar iýmitlik, hojalyk-durmuş, bezeg maksatlary üçin peýdalanylypdyr. Suwkädini gap görnüşinde ulanmak amatly bolupdyr. Onuň daşy gaty bolansoň, suwuk önümleri saklamaga ýaramly bolupdyr. Şonuň üçinem ata-babalarymyz suwkädilerini suw, ýag, toşap ýaly suwuk zatlary salmak üçin ulanypdyrlar. Munuň üçin onuň lötüni aýryp, ýaga bişiripdirler, berk bolmagy üçin içine şerebeli suw guýupdyrlar. Şeýlelikde, türkmen hojalygynda suwkädileri uzak wagt hyzmat edipdir. Häzirki döwürde suwkädilerinden amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserleri döredilýär.

 

Täze habarlar