Suwkädi

Taryh
25.08.2026
51

Suwkädi

Geçmişde halkymyzda metal we daş önümleri bilen birlikde, hojalyk-durmuş hajatlary üçin küýze önümleri hem köp ulanylypdyr. Şeýle maksat bilen köpçülikleýin ýetişdirilen ekinleriň biri hem suwkädidir. Suwkädi diňe gap hökmünde ulanmaga ýaramly bolup, ony iýmit ýa-da mal iými hökmünde ulanyp bolmaýar. Onuň gabarasy näçe uly bolsa-da, içi boş bolýar. Daşynyň berk gabygy bolsa suw, ýag, toşap ýaly suwuk zatlary saklamaga mümkinçilik berýär. Gyjakkädi, şeňňilkädi, oýunjakkädi ýaly kädiler hem edil suwkädi ýaly içi boş, gaty gabykly bolup, suwkädiler maşgalasyna degişlidir. Bu kädileriň atlarynyň gelip çykyşy hem ulanylyş maksady bilen bagly ýüze çykandyr. Gyjakkädi gyjak saz guralyna kädi hökmünde ulanylsa, şeňňilkädiler geçmişde kürüşge hökmünde peýdalanylypdyr. Oýunjakkädiler bolsa, kiçijik bolup, içinde tohumlary şygyrdap seslenip duransoň, çagalaryň gowy görýän oýunjagy bolupdyr. Olardan tapawutlylykda, suwkädiler göwrüm taýdan uludyr. Şu ýagdaý hem onuň boýnuna ýüp dakyp götermäge mümkinçilik döredipdir. 20 litre çenli suwuklyk sygýan suwkädileri gap hökmünde ulanmak üçin, ony ýörite taýýarlapdyrlar. Düýp tarapyndan tegeläp agyz kesip, berk bolmagy üçin içine şerebeli suw guýup goýupdyrlar. Suwkädiler ilki sargylt reňkli bolsa-da, uzak wagt ulanylanda edil dutaryň kädisi ýaly gara-goňur öwsüpdir. Suwkädiler höwesjeň bakjaçylar tarapyndan häzirem ösdürilip ýetişdirilýär. Ýöne, olar gap hökmünde däl-de, amaly-haşam sungatynyň eserlerini döretmek üçin ulanylýar.