Suwküýze

Medeniýet
27.10.2023
162

Suwküýze

Türkmen halkymyzda suwküýzeleriň aglaba köpüsi toýun palçygyndan bişirilip ýasalypdyr. Şeýle suwküýzeleriň biri Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografiýa bölüminde saklanylýar. Muzeýe gelýänleriň ünsüni aýratyn özüne çekýän bu suwküýze XI - XII asyrlara degişli hasaplanylýar.

Gyzylarbat etrabynyň Goç obasynyň golaýyndaky Goç depe taryhy ýadygärliginden tapylan, nagyşlar bilen bezelen suwküýzäniň beýikligi 60 santimetr, daşky göwrüminiň diametri 90 santimetre golaý, agzynyň giňligi 15 santimetr töweregi, diwarynyň galyňlygy 3 santimetr bolup, ol suw saklamak üçin niýetlenipdir.

Geçmişde ata-babalarymyz şeýle suwküýzeleri çuwallara salyp, düýe bilen uzak ýerlerden suw daşapdyrlar, jöwzaly tomus paslynda ony kölege ýerlerde gömüp, içine guýlan suwy sowuk saklamagy gazanypdyrlar. Asyrlaryň geçmegi bilen daşa öwrülen bu küýze häzirki wagtda Gyzylarbat etrabynyň merkezi şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýan gymmatly tapyndylaryň biridir.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde