“Süýji bolýar ekip iýseň”
Etrek şäheriniň ýaşaýjysy, alym agronom Pälwan Söýünowyň bagbançylyk işi, ýylyň-ýylyna toprakdan bol hasyl almak ussatlygy göreni haýran galdyrýar. Ol baglara ideg etmegiň we dürli görnüşli miweli agaçlary ösdürmegiň ýollary barada ýaşaýjylara peýdaly maslahatlar berip durýar.
Pälwan aga öz howlusynda ýetişdiren hurma agajy barada şu aşakdakylary belläp geçdi: “Men gapymdaky şu hurma agajyny 1989-njy ýylda şänikden ekdim, bu bagda enelik düýp we atalyk düýp bolýar. Ata bilen enelik düýbi bileräk ekmeli. Bu bolsa olarda tozanlanma bolup, enäniň bol hasylynyň öz wagtynda bişmegine, bagyň gowy ýüklemegine sebäp bolýar. Häzirki wagtda Etrek etrabynyň çäginde 100-den gowrak hojalykda hurmanyň irki we aram görnüşleri duşýar. Hurma agajy toprak saýlaman, islendik çägesöw ýerlerde ösüp bilýän miweli agaç bolup, şänikden gögeren ýagdaýynda 7-12 ýyldan, kesilip alnan çybykdan gögerende bolsa 6-8 ýyldan hasyla durýar we her düýpden ortaça 150 kg hasyl alyp bolýar. Hurma yssy howany halaýar we suwy beýleki agaçlardan köp talap edýär. Immuniteti galdyrmakda, gözüň görüjigini gowulandyrmakda, aşgazan, içege we ýürek-damar kesellerini bejermekde hurmanyň peýdasy uludyr. Bu ekini ýetişdirmek yssy howada irginsiz zähmeti talap edýär. Yssy howada der saçyp ýetişdirilen hurmanyň tagamyna taý tapylmaz” diýip, Pälwan aga ýaş bagbanlar bilen tejribesini paýlaşýar.