Süýtden taýýarlanylýan önümler
Türkmen halky gündelik durmuşynda süýt önümlerine aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sygyr, goýun-geçi, düýe süýdünden dürli tagamlary, iýmitleri naharlary taýýarlamagyň inçe usullaryny nesillere galdyrypdyr.
Gatyk - bişen süýde gönezlik atylyp, basyrylyp uýadylýan önüm.
Sargan - goýun süýdünden bişirilip taýýarlanýan tagam. Halk döredijiliginde “Süýdünden sargan bolar, ýüňünden urgan bolar” diýlip aýdylýar.
Peýnir - dowar süýdünden ýörite uýadylyp taýýarlanýan iýmit. Soňra suwuny çykarmak üçin sykylýar.
Goýtmak - täze guzlan maldan ilkinji saglyp alynýan owuz süýdünden taýýarlanylýan tagam. Ol pessaý ýanýan otda bişirilende goýy önüm alynýar. Ol goňşy-golamlara paýlanylýar. «Höwri köp bolsun! Çeşmesine bereket!» diýlip, dileg edilýär.
Gaganak - owuz süýdünden gaýnadylyp taýýarlanan peýnire meňzeş önüm. Ol içine hiç zat garylman, pessaý otda bişirilýär.
Mesge - gatykdan edilýän önüm. Muny taýýarlamak üçin deriden ýasalan ýanlyk ýa-da agaç güpi ulanylýar. Olara ilki gatyk, soňra onuň üstüne biraz suw guýup, pişek bilen elde ýaýylýar. Biraz wagtdan soň ýaýylan gatygyň ýüzüne çykan önüme mesge diýilýär.
Balgaýmak - süýtden gaýnadylyp taýýarlanýan süýji iýmit.
Süýtlaş ýa-da süýtli şüle - süýde tüwi atylyp, gaýnadylyp bişirilýän nahar.