Süýtli külçe
Ata-babalarymyzyň miras goýup giden nakyllarydyr dana sözleri, edim-gylymlary biziň üçin edep mekdebidir. Halkymyzda süýtli külçe bilen bagly hem birnäçe däp-dessurlar bar. Biri uzak ýola sapara gideninde, onuň ýanyna süýde ýugrulan külçe salyp goýberilýär. Onuň tagamynyň artykmaçlygy, birnäçe gün gataman durýandygy, wagtyň geçmegi bilen heňlemeýändigi, gatandan soňam suwa batyranyňda tiz ýumşap, tagamly bolýandygy ýaly aýratynlyklar, megerem, uzak ýola ugraýan ýolagçynyň ýanyna külçe salnyp goýberilmeginiň sebäpleri bolsa gerek. Şeýle-de nanyň ýolagçynyň hemrasy bolup, ony dürli bela-beterlerden goraýandygy, işiniň rowaç bolup, sag-aman yzyna dolanmagyny dileg edip durýandygy barada yrymlar bar. Halk rowaýatlarynda uzak ýola atly gidilen halatynda ýolda dem-dynç alnan wagty ata ýürekse bolar ýaly, ýolagçynyň ýanyndaky külçesinden atyna-da bölüp berýändigi barada aýdylýanlara duşmak bolýar. Bu bolsa külçe bilen bagly däp-dessuryň örän gadymdan gelýändigini aňladýar. Watan gullugyna gidýän ýigitleriň ýanyna süýtli külçe bişirip salmak däbi bar. Onuň bir jübütini bolsa öýüň töründe haltajykda goýýarlar. Şol külçe ýigit gulluk borjuny berjaý edip gelýänçä asylgy durýar. Ýigit Watan gullugyndan sag-aman dolanyp geleninde, kim ilkinji bolup şol külçäni alsa, ýigidiň ene-atasy oňa öňden taýýarlap goýan sowgadyny berýär. Soňra bolsa ýigidiň dogan-garyndaşlary şol külçeden dadyp, ony sag-aman gelendigi bilen gutlap, töwir edýärler.