Şypaly kenardaky sapaly günler.

Syýahatçylyk
18.07.2024
195

Şypaly kenardaky sapaly günler.

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýurdumyzyň çar künjünden gelip, dynç alýan çagalar unudylmajak täsirli pursatlary başdan geçirýärler. Şypahana zolagyndaky döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň oýun oýnamaklary üçin niýetlenilen ýörite oýun otaglary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary ýaş nesliň hyzmatynda. Şunuň ýaly mümkinçilikler nurana geljegimiz bolan çagalaryň tebigy zehin-ukyplaryny ýüze çykarmaga, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmäge, döredijilige ugrukdyrmaga şertleri üpjün edýär. Şeýle mümkinçiliklerden hem çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň ýatdan çykmajak täsirli pursatlary başlanýar.

Balkan welaýat hem-de Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň birleşen tagallalary bilen çagalaryň ýokary işjeňlik bilen gatnaşmaklarynda biri-birine ulaşýan dürli çäreler bolsa şeýle ýakymly pursatlaryň üstüni ýetirýär. Türkmenbaşy şäheriniň hem-de milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeklerinde zehinli çagalaryň aýdym-sazly çykyşlarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy diňe bir zehinli çagalary ýüze çykarmaga itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň sungata bolan höwesini artdyrýar. Deňiz giňişligine hem-de Awaza derýasyna guralýan gämili gezelençler dynç alýan çagalarda aýratyn täsir galdyrýan pursatlaryň biridir.

«Awaza» akwaparky, «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar», «Älemgoşar» ýaly oýun-attraksionly seýilgähler dynç alýan çagalaryň uly höwes bilen gelýän iň arzyly künjekleridir. Bu ýerlerde döredilen şertlerdir mümkinçilikler, ylmyň we tehnologiýanyň döwrebap gazananlaryna daýanýan dürli güýmenjeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesliniň ukyp-başarnygynyň artmagynda, gözýetiminiň giňelip, aň taýdan taplanmagynda, olarda çalasynlygy, ugurtapyjylygy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.