Syrçaly okara

Medeniýet
16.04.2024
381

Syrçaly okara

Etrek etrabynyň çäginde ýerleşýän Dehistanyň medeniýeti IX - XV asyrlarda gülläp ösüpdir. Bu ýerde külalçylyga aýratyn üns berlipdir. Gadymy Dehistandan tapylan küýzegärçilik senediniň önümleri asyrlar geçse-de, häzirem öz keşbini saklap gelýär. Dürli küýzeler, gap-gaçlar we beýlekiler durmuşda zerur hasaplanypdyr. Dehistanyň orta asyrlarynyň külallary gap-gaç ýasanlarynda hiç bir ownuk-uşak zady ünsden düşürmändirler. Senetçiligiň Dehistanda uly ösüşde dowam etdirilmegi onuň sungat derejesine baryp ýetendigini Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan syrçaly okarany synlanyňda hem subut edýär. XIV - XV asyrlarda ýasalan okara reňkli nagyşlar bilen bezelip, toýundan edilipdir we syrçalanypdyr.