Syrtlanlaryň ýaşaýşyna syn edip

Syýahatçylyk
06.06.2023
499

Syrtlanlaryň ýaşaýşyna syn edip

Türkmenistanda, şeýle-de Balkan welaýatynda syrtlanlaryň giňden ýaýran gara zolakly görnüşi duş gelýär. Olaryň aýaklarynda we gapdallarynda şar gara zolaklary bolan çalymtyl-goňur ýa-da çalymtyl-mele reňkli irimçik, ýogyn gyllar gatyşykly tüýi bolýar.

Ýiti hem-de örän berk dişleri bilen çekgesindäki kuwwatly çeýneýji myşsalary syrtlanlara beýleki ýyrtyjylaryň iýip bilmän galdyrýan has iri süňklerini-de gemirmäge mümkinçilik berýär. Syrtlanlar diňe bir maslyklar bilen oňňut etmän, eýsem, janly haýwanlary-da awlamaga ukyplydyrlar. Toýnakly ýabany haýwanlary awlamagyň-da, iri we ownuk şahly mallara topulyp heläklemegiň-de aňsatlyk bilen hötdesinden gelýärler. Gün batandan tä daň atýança, ýagny tutuş gijäniň dowamynda iýmit gözläp, çöllüklerde arman-irmän kaňkaşyp ýörýärler. Ilkagşamlar ýekelikde, soň maşgala bolup gezýärler. Häli-şindi göge bakyp, ýakymsyz çirkin ses bilen uwlaýarlar. Her gezekde şeýle agy ýaly çirkin ses ýaňlanandan, dessine şol töwerekdäki beýleki syrtlanlar-da şeýle ses bilen jogap gaýtarýarlar. Syrtlanlar uwlaşyp gezmek bilen, biri-birlerine iýmit gözleýändiklerini habar berýän bolmaly. Haýsy biri maslyk ýa-da olja tapsa, ýogyn pessaý ses bilen hyrryldap başlaýar. Örän eşitgir bolansoňlar, beýleki syrtlanlaryň bary dessine şol ýere üýşýärler.

Syrtlanlar çöllükleriň, ýarymçöllükleriň daglyklar, jarlyklar, gyrymsy tokaýlyklar bilen sepleşýän ýerlerindäki bulam-bujarrak, gürlügräk, kerträk ýerlerde süren edinýärler. Aşa sowuk ýa-da yssy bolmasa, süreniniň töwereginde açygrak ýerde öz göwreleri sygar ýaly oýugrak çukur gazynyp ýatýarlar.

Täze habarlar