Täçgül Atageldiýewa - «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi:

Jemgyýet
16.04.2024
183

Täçgül Atageldiýewa - «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi:

Mähriban Watanymyzda eşretli durmuşda ýaşaýan eneler hakda uly aladalaryň edilmegi bagtdan, bagtyýarlykdan nyşandyr. Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy-da muny aýdyň görkezýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy başymy göge ýetirip, kalbymy egsilmez buýsanja besledi. Şeýle bagtyýar günlerde öz perzentlerimiň Watana, halka, hormatly Prezidentimize wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin yhlasymy gaýgyrmaryn.

Biz - bagtyýar eneler döwlet Baştutanymyza zenanlara goýýan belent hormat - sarpasy üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.