Tagam taýýarlamagyň ussatlary
Ýakynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşik geçirildi. Oňa gatnaşan gelin-gyzlar bäsleşigiň şertine görä, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaba esaslanyp, milli tagamlary taýýarladylar, toý saçagyny bezediler, tagamlary taýýarlaýyşlary barada gürrüň berdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň gelin-gyzlary baş baýraga mynasyp görüldi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Balkan welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň toparlary birinji, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň zenanlary ikinji orunlary eýelediler. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň toparlarynyň paýyna üçünji orun düşdi.